Halil Kaýykçy älem giňişligine giden ilkinji türk bolar

Stambul Tehniki uniwersitetiniň Kosmos inženerçiligi bölüminiň soňky ýyl talyby Halil Kaýykçy alem giňişligine gitjek ilkinji türk bolar

Halil Kaýykçy älem giňişligine giden ilkinji türk bolar

Türkiýeden halkara ýaryşlaryň birine gatnaşan we iň ýokary bal alan Kaýykçy ABŞ-da 1 hepde awstronawtlyk bilimini alandygyny habar berdi.

Halil Kaýykçy: “Ýaryşda iň ýokary bal alan adamlara älem giňişligine gitmek üçin petek berildi. Men hem şolaryň biri. Türkiýeden şol bilimi alan ýeke täk diňe men. Häzirki wagtda Türkiýeden äleme giden ýok. Men 2017-nji ýylda meýilleşdirilen uçuşda älem serhedini geçip, 103 km çenli ýokary çykyp, dünýäni görüp ýaňadandan gaýdyp gelerin” diýdi.



Degişli Habarlar