Şu gün 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni…

1-nji maý işçiler we zähmetkeşler tarapyndan bellenilip geçilýän Birlik, raýdaşlyk we adalatsyzlyga garşy göreş güni

481803
Şu gün 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni…

Iş sagatlarynyň 8 sagada çenli azaldylmagynyň kabul edilýänçä çenli dowam eden göreşiň ady.

Şu gün dünýäniň dört künjegindäki işgärleriň öz janlaryny şol göreşe pida eden günüdir.

Göreş ençeme ýurtda talabyň kabul edilmegi bilen netijelendi.

1-nji maý güni mynasybetli kärdeşler arkalaşyklary we konfederasiýalar Türkiýede we beýleki ençeme ýurtda dürli-dürli çäreler geçirýärler.

Işçiler we zähmetkeşler tarapyndan bütin dünýäde bellenilip geçilýän Birlik, raýdaşlyk we adalatsyzlyga garşy göreş güni dünýäniň köp ýurdunda resmi baýram hökmünde kabul edilýär.

Günorta Koreaýnyň paýtagty Seul başda bolmak bilen Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynda dabaralar we ýörişler geçirilýär.

Filippinler, Malaýziýa, Kamboja we Indoneziýa ýaly ýurtlarda uly ýörişler guralýar.

Ýörişe gatnaşýan adamlar aýdymlar we şygarlar aýdýarlar, ýazgyly şygarlary bilen adamlara has gowy geljek üçin jebislige çagyrýarlar.
Birlik, raýdaşlyk we adalatsyzlyga garşy göreş güninde millionlarça adamlar tarapyndan bellenilip geçilýär.

1-nji maý dünýäniň 135 ýurdynda resmi baýram hökmünde yglan edildi.



Degişli Habarlar