Bursada kamikaze hüjümi guraldy

Wakada jemi 13 adam ýaralandy

479830
Bursada kamikaze hüjümi guraldy

Türkiýäniň Bursa şäherindäki gadymy Kapalyçarşynyň Uly metjit tarapyndaky girelgesinde zenan kamikaze hüjümçisi üstündäki bombany partlatdy.

Wakada hüjümi guran zenan terrorçy öldi, 13 adam ýaralandy.

Waka düýn agşam 17:26 töweregi boldy.

Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinogly metbugat işgärlerine beren beýanatynda tiz kömek ulaglary bilen ýaralanan 13 adamyň hassahanalara alynyp gidilendigini, ýaralananlaryň arasynda ýagdaýy agyr bolanlaryň ýokdugyny mälim etdi.

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işleriň ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan geçirilýändigini bellän Müezzinogly: “Terrorçy 25 ýaş töwreginde bir zenan. Şahsyýeti we haýsy gurama bilen arabaglanyşgy bardygy Içeri işler ministrligi tarapyndan derňelýär” diýdi.

Prezident R.T. Erdogan Zagrebden Içeri işler ministri Efkan Ala bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Bursadaky hüjüm bilen baglanşykly maglumat aldy.

Ýaralanan adamlaryň tiz sagalmaklaryny dilän Erdogan Türkiýäniň asudalygyny nyşana alan terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini nygtady.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem partlamadan soň Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi binasynda Içeri işler ministri Efkan Ala bilen duşuşdy.

Dawutogly ministr Aladan terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly maglumat aldy. Bursanyň gubernatory Karalogly bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolan Premýer ministr Karaloglyna geçdigi bolsun diýip dileg etdi.

Katar saparyndan ozal Ankara Esenboga howa menzilinde beren beýanatynda Bursadaky hüjüm barada hem durup geçen Dawutogly: “Terrorçylykly hüjümler Türkiýäniň terrora garşy göreşde tutanýerli pozisiýasyndan el çekmäge sebäp bolmaz. Terrora garşy iň tutanýerli pozisiýa görkezmegimizi dowam etdireris” diýdi.

Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly özüniň twitter hasabynda beren beýanatynda Bursadaky partlamada ýaralanan adamlara tiz sagalmaklaryny diledi we hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy.

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjyWolkan Bozkyr sosial mediýa hasabyndan hyýanatçyylkly hüjümi ýazgardy we geçdigi bolsun diýip dileg etdi.

Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz: “Bigünä adamlara zeper ýetiren jenaýatkärler hiç haçan başarnykly bolmazlar. Hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýaryn” diýdi.

Ylym, senagat we tehnologiýa ministri Fikri Yşyk we Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi hem Bursada asuda ilata garşy guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardylar we ýaralanan adamlara tiz wagtda sagalmaklaryny dilediler.



Degişli Habarlar