Bozkyr Ýohannes Hahn bilen duşuşdy

Duşuşykda Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar meselesi seljerildi

477516
Bozkyr Ýohannes Hahn bilen duşuşdy

 

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyr ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden we goňşuçylyk syýasatlaryndan jogapkär agzasy Ýohannes Hahn bilen Stambulda ertirlik naharynda duşuşdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar meselesi seljerildi.

Duşuşykda Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň çäginde täze barlag seljeriş ugurynyň açylmagy, erkin wiza, bikanun göç edilşige we terrora garşy göreş meselesi giňişleýin ara alyp maslahatlaşyldy.

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Wolkan Bozkyr bilen ÝB Komissiýasynyň Giňelmekden we goňşuçylyk syýasatlaryndan jogapkär agzasy Ýohannes Hahn ertirlik naharyndan soň Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky işewürler maslahatyna gatnaşdy.

 


Etiketkalar: #ÝB , #ÝB ministri

Degişli Habarlar