Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy...

Baýramçylyk paýtagt Ankarada dürli-dürli çäreler bilen bellenilip geçilýär

476730
Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy...

Ankaradaky ilkinji dabara Anytkabirde geçirildi.

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli çagalar we ýurduň Bilim ministri Nabi Awjy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine baryp gül desselerini goýdylar.

Anytkabiriň ýörite depderine gol çeken Bilim ministri Awjy depdere ýazan ýüzlenmesini özi dälde çagalaryň birine okatdyrdy. Awjy ýüzlenmesinde: “96 ýyl ozal düýbi tutulan Türkiýe Respublikasy güýçlenip ýoluny dowam etdirýär. Ähli ugurlarda güýçli medeniýetleriň derejesine ýetmek üçin ähli güýjümiz bilen işlejekdigimize söz berýäris. Amanatyň ynamly ellerde. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýip ýazdy.

Anytkabiriň ikinji zyýaratçysy bolsa TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman we ýanyndaky wekiliýet boldy.

Dabara Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly, Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli we ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary hem bardy.

Mejlisiň başlygy Kahraman Atatürkiň guburyna gül desselerini goýdy we hormat duruşyny ýerine ýetirdi, milli gimn ýerine ýetirildi.

Anytkabiriň ýörite depderine gol çeken Kahraman: “Garaşsyz döwlete eýe bolmagymyza tagalla edenleri hiç wagt ýatdan çykarmarys, alan mirasymyzy güýçlendirip ýaşatmaga dowam etdireris” diýip ýazdy.

Resmi dabaradan soň Anytkabir baýramyň hakyky eýelerine gowşuryldy.

Başga bir dabara bolsa 96 ýyl ozal şu gün wezipesine başlan Birinji mejlisde geçirildi.

Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman: “Ilkinji mejlisiň öňünde goýan maksatlaryny şu günki günde dowam etdirmelidiris. Milli häkimiýetimizi we özygtyýarlylygymyzy goramak üçin wajyp maksadymyz bolmalydyr” diýdi.

Beýleki tarapdan bolsa çagalar ulylaryň ýerlerine geçip wezipelerini öz üstlerine aldylar.

Çagalar ondan soň Çankaýa köşgüne bardylar we çagalaryň biri Premýer ministr boldy.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly çagalardan düzülen Ministrler kabinetiniň mejlisine gatnaşdy.

Prezident R.T. Erdogan hem çagalary Prezident kompleksinde kabul etdi.

Çagalaryň biri wagtlaýynça Prezident wezipesini öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar