Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

Ilkinji dabara Anytkabirde geçiriler

476447
Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli çagalar we ýurduň Bilim ministri Nabi Awjy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähine baryp gül desselerini goýarlar.

Başga bir dabara bolsa ýurduň ilkinji mejlisinde geçiriler.

Bundan soň çagalar ulylaryň ýerine geçip olaryň wezipelerini öz üstlerine alarlar.

Bu dabaradan soň bolsa çagalar Çankaýa köşgüne bararlar we çagalaryň biri wagtlaýynça Premýer ministr wezipesini ýerine ýetirer.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan tarapyndan hem kabul ediljek çagalar TBMM-niň başlygy Ismail Kahryman bilen hem duşuşarlar.
TBMM 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli sagat 14:00-da ýygnanar.



Degişli Habarlar