Mardinde ýaralanan polis bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanan we Gülhana harby lukmançylyk akademiýasynda bejergi alan polisiýanyň ýöriteleşdirilen bölüminiň işgäri şehit boldy

473531
Mardinde ýaralanan polis bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy

1-nji aprelden bäri Gülhana harby lukmançylyk akademiýasynda bejergi alan polis düýn agşam ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Wanda terrorçylara garşy geçirilýän operasiýada ýüze çykan çaknyşykda 1 polisiýa işgäri şehit boldy, 1 polis ýaralandy.

Maglumat alan Içeri işler müdürliginiň işgärleri öýleriň birine operasiýa gurady. Operasiýa esnasynda terrorçylar bilen ýaragly çaknyşyk ýüze çykdy.

Çaknyşykda 2 polisiýa işgäri ýaralandy.

Hassahana alynyp gidilen ýaralanan polisiýa işgärleriniň biri hirurgik tagalla garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Operasiýanyň barşynda 1 terrorçy öldürildi, 1-i bolsa ýaraly ýagdaýda ele salyndy.

Bingölde terror operasiýasynda 3 terrorçy öldürildi. Operasiýada obanyň 1 goragçysy ýaralandy.



Degişli Habarlar