TBMM ÝP-niň Türkiýe baradaky habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Ýewropa Parlamendiniň Türkiýe baradaky habarnamasyna Türkiýäniň Beýik millet mejlisi tarapyndan rekasiýa bildirdi

471330
TBMM ÝP-niň Türkiýe baradaky habarnamasyna reaksiýa bildirdi

ÝB Ýerine ýetiriş komissiýasynyň başlygy Mehmet Kasym Gülpynar geçen ýyl hem edilşi ýaly, şu ýyl hem 1915-nji ýyldaky wakalar barada frazalar berilmegine nägilelik bildirdi.

Gülpynar: “Bu ýagdaý habarnamanyň obýektiwligine we ygtybaryna zyýan berdi. Habarnama taryhy wakalary ýoýmak bilen galman, eýsem Türkiýä bien ÝB-niň gatnaşyklarynyň ruhuna we dinamikasyna ters geldi" diýdi.

Habarnamany bu ýyl hem ýok hasap edendiklerini we güýçsiz diýip kabul edendiklerini bellän Gülpynar ugradylandan ÝP-e yzyna beriljekdigini nygtady.

Gülpynar habarnamanyň mundan başgada PKK terrorynyň howpynyň we Türkiýäniň terrora garşy göreşini düşünmekden uzakdygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar