Erdogan YHG-nyň maslahatynyň ýapylyşynda çykyş etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Palestina meselesiniň yslam dünýäsiniň umumy meselesi hökmünde kabul edilmeginiň palestinalylaryň görkezýän mertebeli direnişine yslam ýurtlary hökmünde berilýän goldawyň iň ýokary derejedäki subudydygyny belledi

471771
Erdogan YHG-nyň maslahatynyň ýapylyşynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Stambulda geçirilen 13-nji maslahatynyň ýapylyşynda agzybirlige we jebislige ünsleri çekdi.

Maslahatyň ahrynda görülen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryň başgalara wajyp bir ýüzlenmedigini bellän Erdogan: “Palsetinaly doganlarymyzy şu günki güne çenli ýalňyz goýmadyk. Nesip bolsa hiç wagt hem ýalňyz goýmarys. Yslam älemindäki kyn ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin iň esasy zatlar agzybirlik, jebislik, raýdaşlykdyr" diýdi.

Prezident R.T. Erdogan maslahatyň ýaplylyş dabarasynda Türkiýäniň YHG-na 2 million dollar bagyşlajakdygyny habar berdi.

Ýokary derejeli maslahatyň ýaplylyşynda Palestina mowzukly karar taslamasy bilen birlikde, YHG 2016-2025-nji ýyllar iş meýilnamasy we Maslhatyň jemleýji beýannamasy bilen Stambul beýannamasy kabul edildi.

Yslam ýurtlarynyň birliginiň we jebisliginiň güýçlendirilmelidigi barada nygtalýan jemleýji beýannamada Palestina meselesiniň çözgüdi we Aksa metjidiniň yslam topragy hökmünde galmagy meselesinde edilýän tagallalaryň dowam etdiriljekdigi bellenýär.

Beýannamada Ysraýylyň Palestina topraklaryny basyp almagy ýazgarylyp, paýtagty Iýerusalim bolan dolulygyna garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmelidigi barada nygtalýar.

Beýannamada ähli ýurtlaryň Palestinany döwlet hökmünde tanalmagyna çagyrylýar.

DAEŞ, Al Kaýda, PKK/PÝD/ÝPG ýaly terror guramalaryna garşy göreş barada durulyp geçilýän beýannamada Günbatara “Yslamafobiýa garşy göreş üçin gerek bolan çäreleri alyň" diýip çagyryş berilýär.

Maslahatyň ýapylyşynda metbugat ýygnagyny geçiren Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan diňe musulmanlara däl, bütin dünýä adalatyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin wajyp ýüzlenmeler berilendigine ynanýandygyny belledi.

“Zalymlyk bar boldugy saýyn adalata ynanan, ony ýola goýmak üçin bar güýji bilen işleýän adalat goragçylary hem bolar, ony alada etmäň" diýen Erdogan Azerbaýjanyň takmynan 25 ýyl bäri Karabag üçin alyp barýan göreşini goldaýandyklaryny ýatlatdy.

Musulmanlaryň meselesini musulmanlaryň özüniň çözmelidigini nygtan Prezident bu meselede Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlara çagyryş berdi.

Prezident Erdogan: “Birligimizi, jebisligimizi güýçlendirmek üçin tutanýerliligimizi anyk ýagdaýda orta goýduk. Barha artan terror howpyna garşy terror guramalarynyň arasynda tapawut goýmazdan ählisi bilen göreşjekdigimizi Stambul beýannamasy bütin dünýä yglan etdik. Men YHG-nyň 13-nji maslahatynyň kabul edilen kararlar we görkezen umumy pozisiýamyz sebäpli taryhy ähmiýete eýedigine ynanýaryn. Nesip bolsa öňümizdäki ýyllarda yslam ýurtlary hökmünde bilelikde hyzmatdaşlyklarymyzy dowam etdireris" diýip belledi.



Degişli Habarlar