Çawuşogly Palestinanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkiýe Palestina goldaw bermäge dowam eder

Çawuşogly Palestinanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Çawuşogly Palestinanyň Daşary işler ministri Raid Maliki bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Stambula gelen Palestinanyň Daşary işler ministri Raid Maliki bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, Palestinanyň Daşary işler ministri Maliki duşuşykda Ysraýylyň bikanun ýagdaýda gurýan ýaşaýyş jaýlary we Palestinalylaryň hak hukuklarynyň halkara derejesinde goralmagy üçin edilýän tagallalar hakynda maglumat berdi.

Duşuşykda palestinaly toparlaryň arasyndaky ylalaşyk tagallary meselesinde edilen öňe gidişlik hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniň Palestina goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar