Türk ýaragly güýçleri terror guramasy PKK zarba urmaga dowam edýär

Bu barasynda Baş Ştabdan berilen beýanatda Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 7, Şyrnagyň welaýat merkzinde 1, jemi 8 terrorçynyň ýok edilendigi nygtalýar

Türk ýaragly güýçleri terror guramasy PKK zarba urmaga dowam edýär

Soňky operasiýalar bilen birlikde Nusaýbin etrabynda öldürilen terrorçylaryň sany 344-e, Şyrnakda bolsa 324-e ýetdi.

Operasiýalaryň dowamynda köp mukdarda ok-däri ele salyndy, köp sanly partlaýyjy ýok edildi.

Beýleki tarapdan Şanlyurfa welaýatynda ýol gözegçiliginde ele salynan terror guramasy ÝDG-H-ä agza 14 terrorçy saklandy.



Degişli Habarlar