Terrora garşy göreşde durnukly ýeňiş gazanylar

Dawutogly “Bizi hiç kim gorkuzyp bilmez" diýdi

464353
Terrora garşy göreşde durnukly ýeňiş gazanylar


Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türk polis guramasynyň döredilen gününiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp Polis Akademiýasynda geçirlen çärede eden çykyşynda aýralykçy terror guraasyna garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam edýändigini nygtady.

Premýer ministr Dawutogly “Terrory bu topraklardan dolulygyna ýok etmek üçin tutanýerli tutum alyp barýarys. Terrora garşy göreşde durnukly ýeňiş gazanarys" diýdi.

Geçen hepde Diýarbakyra iş saparyny gurandygyny aýdan Ahmet Dawutogly “Bizi hiç kim gorkuzyp bilmez. Ýurdumyzyň ýagty geljegi üçin polisimiz we esgerlerimiz gije gündüz diýmän isleýär. Biz ne terror guramasyndan ne-de başga guramalardan gorkmadyk we gorkmarys" diýip belledi.



Degişli Habarlar