Premýer ministr Dawutogly Iordaniýada saparda boldy

Duşuşyklarda terror guramalaryna garşy hyzmatdaşlyga üns çekildi

459611
Premýer ministr Dawutogly Iordaniýada saparda boldy


Premýer ministr Ahmet Dawutogly 1 günlük resmi saparynyň çäginde Iordan şasy Abdullah we İordaniýanyň Premýer ministri Abdullah Al Nusur bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalara we terror guramalaryna garşy hyzmatdaşlyga üns çekildi.

Premýer ministr Dawutogly palestinalylaryň hak-hukuklarynyň goralmagy üçin ellerinden geleni etmäge taýardyklaryny aýtdy.

Ahmet Dawutoglynyň saparynyň çäginde sebitdäki soňky özgerlişikler bilen terrorçylykly hüjümler meselesi esasy orun eýeledi.

Türkiýäniň we Iordaniýanyň DEAŞ tarapyndan abanýan howpa garşy Siriýada we Yrakda birlikde göreşýändiklerine ünsi çeken Dawutogly, iki ýurduň Yragyň we Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagyny we sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegini isleýändiklerini aýtdy.

Premýer ministr Dawutoglynyň saparynyň çäginde Türkiýe bilen Iordaniýanyň arasynda 10 şertnama baglaşyldy.

2009-njy ýylda Erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagyndan soň iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň iki esse ýokarlap 1 milliard dollara çenli baryp ýetendigini aýdan Dawutogly, Türkiýe bilen İordaniýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň has-da ösjekdigine doly ynanýandygyny ýatlatdy.

Premýer ministr Dawutogly Pakistanly kärdeşi Nusur bilen birlikde Türkiýe-Iordaniýa işewür adamlary maslahatyna hem gatnaşdy.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady bökdençlikleri dolulygyna ortadan aýyrjakdyklaryny aýdan Dawutogly iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýratyn belledi.

Premýer ministr Dawutogly Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA-nyň İordaniýadaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.

Ahmet Dawutogly Iordaniýa guran resmi saparynyň çäginde BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen hem duşuşdy.

Ýarym sagat dowam eden duşuşykda Türkiýede geçiriljek Bütindünýä ynsanperwer kömek maslahaty üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Premýer ministr Dawutogly Ankara şäheriniň Gyzylaý meýdanynda 13-nji martda guralan we 38 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjüm sebäpli Iordaniýa gurajak saparyny yza süýşüripdi



Degişli Habarlar