Premýer ministr Dawutogly sungat ussatlary bilen agşam naharynda duşuşdy

“Dost mejlisi" naharyna 70-e golaý sungat ussady gatnaşdy

458685
Premýer ministr Dawutogly sungat ussatlary bilen agşam naharynda duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly sungat ussatlary bilen Stambulda agşam naharynda duşuşdy.

“Dost mejlisi" naharyna 70-e golaý sungat ussady gatnaşdy.

Naharda sungat ussatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary we Türkiýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän meseleler seljerildi.

Nahara Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň aýaly Sare Dawutogly we gyzy Sefure Dawutogly, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünal, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Fatma Güldemet Sary bilen birlikde Maşgala we sosial syýasatlar ministri Sema Ramazanogly hem gatnaşdy.

Ahmet Dawutogly Premýer ministr hökmünde ilkinji gezek sungat ussatlary bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar