Zarif Çyragan köşgünde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy

Jewad Zarif Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler

453914
Zarif Çyragan köşgünde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif Türkiýä geldi.

Myhman Daşary işler ministri Zarif Stambulda Çyragan köşgünde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.

Jewad Zarif Mabeýn köşgünde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler.

Eýranyň daşary işler ministri Zarif soň bolsa Dolmabahçe köşgünde Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşar.

Duşuşyklarda Russiýanyň Siriýadan yza çekilmäge başlamagyndan soňky ýagdaý bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ženewadaky Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň öňüsyrasynda Eýrana sapar gurapdy.

Premýer ministr Dawutoglynyň we Prezident R. T. Erdoganyň geçen ýyl Eýrana guran saparyndan soň Eýrandan Türkiýä ilkinji gezek ýokary derejeli sapar guralýar.



Degişli Habarlar