Bosgunlar krizisiniň çözülmegi üçin ÝB bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk gazanyldy

ÝB Türkiýä siriýaly bosgunlaryň şertlerini kadalaşdyrmak üçin 3 milliard ýewrolyk pul kömegini berer

453820
Bosgunlar krizisiniň çözülmegi üçin ÝB bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk gazanyldy

Bosgunlar krizisiniň çözülmegi üçin ÝB bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk gazanyldy

Brýusselde geçirlen maslahatyň jemleýji jarnamasynda ilki Ankarada guralan bombaly hüjüm sebäpli türk halkyna gynanç bildirildi we terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw berildi.

Ylalaşyga görä 20-njy martdan başlap Türkiýeden grek adalaryna geçen bosgunlar Türkiýä yzyna ugradylar.

Türkiýä yzyna ugradylan bosgunlaryň çykdajylary ÝB tarapyndan giderler.

Türkiýäniň “Grek adalaryndan Türkiýä ugradylan her bir siriýaly bosgun üçin Türkiýeden bir siriýaly bosgun ÝB-ne agza ýurtlara ýerleşdirler. Türkiýeden ÝB-ne agza ýurtlara ýerleşdiriljek bosgunlaryň sany bolsa iň köp 72 müň hökmünde kesgitlendi.

ÝB Türkiýä siriýaly bosgunlaryň şertlerini kadalaşdyrmak üçin 3 milliard ýewrolyk pul kömegini berer.

ÝB 2018-nji ýylyň ahyryna çenli goşmaça ýene-de 3 milliard ýewro golaý pul kömegini berer.

Türkiýäniň Siriýada dörediljek howpsyz zolaklarda siriýalylara ýardam berilmegini göz öňünde tutýan teklibi hem edil bolşy ýaly kabul edildi.

Ylalaşyk tekstine görä türk raýatlaryna wiza ýeňilligi üçin degişli düzgünler geljek aýyň ahyryna çenli kesgitlenip, iýun aýynda başlanar.


Etiketkalar: #ÝB , #ylalaşyk , #bosgun akymy

Degişli Habarlar