Davutogly Dövlet mukamynyň türk halkynyň jebisliginde esasy rol oýnandygyny nygtady

Davutogly Dövlet mukamynyň kabul edilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

449364
Davutogly Dövlet mukamynyň türk halkynyň jebisliginde esasy rol oýnandygyny nygtady

Premýer ministr Ahmet Davutogly Dövlet mukamynyň türk halkynyň jebisliginde esasy rol oýnandygyny nygtady.

Premýer ministr Ahmet Davutogly Dövlet mukamynyň kabul edilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Dövlet mukamynyň eziz türk halkymyň milli azat edijilik söveşindäki gahrymançylygyny, gaýduvsyzlygyny ve edermenligini vasp edýändigini aýdan Premýer ministr, “Mehmet Akif Ersoýyň uly joşgun bilen ýazan Dövlet mukamy, vatanyny duşmandan halas etmek üçin söveşen halkymyzyň bitevileşmegine ve milli göreş ruhy bilen ýeňiş gazanmagyna itergi berendir" diýdi.

Ahmet Davutogly ýüzlenmesinde “Dövlet mukamynyň kabul edilen güni mynasybetli ýene-de bir gezek milli şahyrymyz Mehmet Akif Ersoýy ve garaşsyzlyk göreşiniň gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralaýarys" diýdi.



Degişli Habarlar