3 milliard ýewrolyk pul kömeginiň ilkinji bölegi Türkiýäniň hasabyna geçdi

Türkiýe ÝB-ne bosgunlar üçin täze teklip hödürledi

449260
3 milliard ýewrolyk pul kömeginiň ilkinji bölegi Türkiýäniň hasabyna geçdi


ÝB tarapyndan bosgunlar üçin berilmegi meýilleşdirlen 3 milliard ýewrolyk pul kömeginiň ilkinji bölegi Türkiýäniň hasabyna geçdi.

Pul kömeginiň galan böleginiň hem gysga wagtda berilmegine garaşylýar.

Türkiýe ÝB-ne bosgunlar üçin täze teklip hödürledi.

Türkiýäniň ÝB-ne hödürlän teklibi Egeý deňzindäki bikanun göç edilşigiň dolulygyna ortadan aýrylmagyny maksat edinýär.

Teklip kabul edilen halatynda Gresiýanyň 5 adasyndaky bosgunlar ýurduň merkezine getirler we adalar bosgunlardan saplanar.

Ylalaşykdan soň Türkiýäniň üsti bilen bikanun ýollardan Ýewropa giden bosgunlar Türkiýä getirler.

Türkiýä gelen siriýalylaryň sany ýaly siriýaly hem kanuny ýollardan Ýewropa ugradylar.

2015-nji ýylda 856 müň adam bikanun ýollardan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gitdi, 2016-njy ýylda şol san häzirden 137 müňe ýetdi.



Degişli Habarlar