Türkiýäniň durnuklylygyna howp salýanlara ýol berilmez

Syýasy durnuklylyga howp salýan terror guramasyna garşy göreş tutanýerlilik bilen dowam eder

447916
Türkiýäniň durnuklylygyna howp salýanlara ýol berilmez


Premýer ministr Ahmet Dawutogly Halkara maýadarlar jemgyýetiniň 35 ýyllygyna bagyşlanyp Ankarada geçirlen çärede eden çykyşynda Türkiýäniň dünýäniň maýa goýum taýdan esasy merkezlerinden biri ýagdaýyna getirilmegini maksat edinýändiklerini, 4 ýyllyk iş meýilnamasynyň çäginde syýasy durnuklylygyň döreden mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp maýa goýum şertini kadalaşdyrmak üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Ahmet Dawutogly syýasy durnuklylyga howp salýan terror guramasyna garşy göreşiň hem tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini ýatlatdy.

Dawutogly “Türkiýede durnuklylyga howo salýanlara asla ýol berilmez. Terror bütin dünýä tarapyndan howply hökmünde görülýär. Emma terror Türkiýäniň ykdysady durnuklylygyna ýaramaz täsirini ýetirip bilmez"diýdi.



Degişli Habarlar