Aýdyn welaýatynda gaýyk heläkçiligi boldy

Wakada 18 adam ýogaldy

445628
Aýdyn welaýatynda gaýyk heläkçiligi boldy

Aýdyn welaýatynyň Didim etrabynda bosgunlary daşaýan 2 gaýygyň batmagy netijesinde siriýaly 18 adam ýogaldy.

Didim etrabynyň Saltur diýilen ýerinden Gresiýanyň Bulamaç adasyna gitmek üçin ýola çykan 2 gaýyk batdy.

Kenara 200 metr alysda batan gaýyklarda ilkinji kesgitlemelere görä 18 adam ýogaldy.

Kenarýaka howpsyzlyk gullygynyň işgärler 15 adamy halas edip ýetişdiler.

Gözleg we halas ediş işler 2 gaýyk we dik uçar bilen dowam edýär.



Degişli Habarlar