Terrora garşy operasiýalar giň-gerimli dowam edýär

Terrora garşy göreşiň çäginde geçirilýän operasiýalarda ýene-de 4 terrorçy öldürildi

443033
Terrora garşy operasiýalar giň-gerimli dowam edýär

Türkiýäniň Şyrnak welaýatynyň Idil etrabyndaky terrora garşy operasiýada ýene-de 4 terrorçy öldürildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä Idil etrabynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 61-e ýetdi.

Mardin, Sakarýa, Şanlyurfa, Şyrnak we Diýarbakyr welaýatlarynda PKK-a agza 10 terrorçy tussag edildi.

Operasiýada şeýle hem köp mukdarda ok-däri ele salyndy.

Beýleki tarapdan bolsa Kilis we Gaziantep welaýatlarynda terror guramasy DAEŞ-iň hataryna goşulmak üçin Türkiýeden Siriýa bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan 6 adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar