Diýarbakyrda partlama boldy

Wakada 1 adam ýogaldy

Diýarbakyrda partlama boldy

Diýarbakyryň Ýenişehir etrabynda öýleriň birinde bolan partlamada 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.

Gubernatorlyk tarapyndan berilen beýanata görä düýn agşam partlama bolandygy barada habar alan polisiýa gullugy wakanyň bolan ýerine topar ugratdy.

Beýanatda partlama bilen baglanşykly geçirilen derňew işlerinde wakada 19 ýaşly 1 adamyň ýogalandygy, 3 bilen 8 ýaş aralygynda bolan 4 çaganyň bolsa ýaralanandygyny anyklanandygy aýdylýar.

Beýanatda: “Wakanyň bolan ýerinde geçirilen derňew işlerinde gaz balonynň içine goýulan elde ýasalan bomba degişli bölekler tapyldy. Gaz balonyň içine goýulan elde ýaslan bombanyň E.Ý. tarapyndan daşalýan wagty partlandygy anyklandy. Wakada ýogalan şahsyýetiň barmaklarynyň yzynyň derňelen wagty şahsyýete garşy ozal “Döwlediň emlägine zeper ýetirmek we PKK/KCK terror guramalarynyň adyndan bidüzgünçilikler etmek we hereket etmek" sebäpli kazyýet işiniň gozgalandygy anyklandy. Partlamanyň bolan ýerindäki köçä uly möçberde zeper ýetdi, mesele bilen baglanşykly derňew işi başladyldy" diýilýär.


Etiketkalar: gaz , derňew , beýanat , partlama , Diýarbakyr

Degişli Habarlar