Türkiýe ylalaşyga alada bildirýär

Premýer ministr Ahmet Dawutogly ylalaşygyň aslynda duzakdygyny aýtdy

440565
Türkiýe ylalaşyga alada bildirýär


Türkiýe Siriýada hüjümleriň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga alada bildirýär.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly ylalaşygyň aslynda duzakdygyny aýtdy.

Ylalaşygyň teksti ünsilik bilen seljerlen halatynda duzaklara göz ýetirilýändigini aýdan Dawutogly “Oppozisionerler; Siriýanyň hökümetine, Russiýa we Eýrana hüjüm edip bilmez, eýsem kim oppozisionerleriň hüjüm sezewar bolmajakdygyna güwä geçip biler"diýdi.

DAEŞ-iň we Al Nusra frontynyň ylalaşygyň çägine alynmandygyny nygtan Dawutogly “Russiýa onsuzhem Nursa diýip Halap şäherini bombalaýar. Şol sebäpli hem ylalaşygy duzak, gynansagam ylalaşyk Russiýanyň duzagy"diýdi.

Prezident diwanynyň iş dolandyryjysynyň kömekçisi İbrahim Kalyn bolsa dowam edýän hüjümlere ünsi çekdi we ylalaşyga “alada bildirýäris" diýdi.



Degişli Habarlar