Jewdet Ýylmaz ABŞ-da saparda boldy

Ösüş ministri Siriýa meselesinde halkara jemgyýetçiliginin sebitde ýerleşýän ýurtlara berýän kömeginiň ýeterlik däldigine ünsi çekdi

439099
Jewdet Ýylmaz ABŞ-da saparda boldy

Ýylmaz ABŞ-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň 50 ýyllygyna bağyşlanyp geçirilýän ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşdy.

“BBJ-niň" meşhur alyp baryjysy Stephen Sakuryň moderatorlygynda geçirilen Ösüş maksatnamasynyň birinji bölüminde Siriýada dowam edýän içerki uruş we gumanitar pajyga barada pikir alyşyldy.

Ösüş ministri Ýylmaz moderatoryň “Siz Siriýadaky gumanitar pajyga boýunça halkara jemgyýetçiliginiň goşýan goşandyndan hoşalmy?" soragyna “ýok hoşal däl" diýip jogap berdi.

“Global taýdan başgalaryna kömek bermek şol bir wagtda-da özüne kömek etmeklikdir" diýen Jewden Ýylmaz sözünin üstüni: “Siriýa meselesinde berilen halkara kömeginiň mukdary ýeterlik däl. Siriýa goňşy ýurtlar uly jogapkärçilik alýar. Halkara jemygýetçiligi Siriýa goňşy ýurtlara kömek bermeli we arkalaşmaly. Bu mesele arkalaşylman çözülmez. Bu meseleler wagtyň geçmegi bilen başga sebitlere-de täsirini ýetirer. Çykgynsyzlygyň ähli ýüki goňşy ýurtlara ýüklenmeli däl" diýip ýetirdi.

Global derejede ösüş kömekleriniň aşaklaýandygyny hem nygtan Jewdet Ýylmaz, oňa global çökgünligiň täsir ýetirýän bolmagynyň mümkindigini belläp: “Emma başgalaryna kömek bermän global çökgünlikden halas bolup bilmejekdigimize düşüneliň" diýdi.

Ministr Ýylmaz Türkiýäniň 2014-nji ýylda 3,5 milliard dollara barabar ösüş kömegini berendigini we onuň Türkiýäniň milli girdejisiniň 0,5 göterime deň gelýändigine ünsi çekip, şol mukdaryň BMG-niň ösen ýurtlaryň ýetmesine garaşýan ösüş kömegi mukdarydygyny nygtady.


Degişli Habarlar