Türkiýe ABŞ-na berk reaksiýa görkezdi

Türkiýe ABŞ-na PÝD sebäpli berk reaksiýa görkezdi

433032
Türkiýe ABŞ-na berk reaksiýa görkezdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç amerikaly kärdeşi Jon Kirbiniň Türkiýäniň we PÝD-niň hüjümleri bes etmegi barada aýdan sözlerine nägilelik bildirdi.

Bilgiç Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat ýygnagynda: “Kirbiniň hyzmatdaşy Türkiýe bilen terror guramasyny (PÝD) şol bir kepene goýmagyna haýran galdyk" diýdi.

Tanžu Bilgiç Kirbiniň bu sözlerini berk ýazgarandyklaryny mälim etdi.

Bilgiç bundan başgada aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň Hataýdaky serhet birikmesine garşy guran hüjümine artykmajy bilen garşylyk görkezilendigini habar berdi.

Tanžu Bilgiç Türkiýäniň PÝD-e garşy syýasadynyň aýdyňdygyny belläp, geçen aý Türkiýä sapar guran ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýdene PÝD-niň terror guramasy PKK bilen aragatnaşyk saklaýandygy baradaky maglumatlary berendiklerini ýatlatdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç PÝD-niň Azez sebitine we ylymly oppozisionerlere guraýan hüjümleriniň kabul edilip bilinjek zat däldigini nygtady.

Siriýa gury ýer operasiýa guramak ýaly meýilleriniň ýokdygyny aýdan Tanžu Bilgiç berilen soraga: “Saud Arabystanyň uçarlary Konýada tälim uçuşlaryny ýerine ýetirýär" diýdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri geçen hepdäniň ahyrynda serhede birnäçe km uzaklykda ýerleşýän Siriýanyň Halap welaýatynyň Azez etrabyndaky PÝD liniýalaryny nyşana alyp hüjüm gurapdy.



Degişli Habarlar