ABŞ-nyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Mewlüt Çawuşogly: “ABŞ karar bermeli, hyzmtdaş ýurt hökmünde bizi saýlaýarmy, terror guramalaryny saýlaýarmy?" diýip reaksiýa bildirdi

430030
ABŞ-nyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Bass ýurdunyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň goly bolan PÝD bilen baglanşykly beren beýanaty sebäpli Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Daşary işler ministriniň orunbasary tarapyndan kabul edilen ilçä ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbiniň gündelik metbugat işgärleriniň ýygnagynda PÝD-ni terror guramasy hökmünde kabul etmeýäris diýen sözleri sebäpli hökümetiň ynjalyksyz bolandygy bellendi.

Jon Kirbi tarapyndan berilen beýanata Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen giden Wengriýada reaksiýa bildiripdi. Çawuşogly: “Siz terror guramalarynyň birini terror guramalarynyň sanawyna alýarsyňyz, şonuň bilen bilelikde hereket edýän, ýöne başga bir düzümi bolan terror guramasyny bolsa terror sanawyna almaýarsyňyz. Biz bu edilýänlere saplyk diýelimi, başga näme diýeli? Emma bu kabul edilip bilinjek zat däl" diýdi.

Mewlüt Çawuşogly: “ABŞ karar bermeli, hyzmtdaş ýurt hökmünde bizi saýlaýarmy, terror guramalaryny saýlaýarmy?" diýip reaksiýa bildirdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi şu gün çarşenbe güni täze beýanat berdi. Kirbi: “PÝD bilen baglanşykly garaýşymyz üýtgemedi" diýdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi: “Türkiýe biziň hyzmatdaşymyz. PÝD bilen Türkiýäniň arasynda saýlamarys" diýdi.



Degişli Habarlar