Lütfi Elwan operasiýalar barada beýanat berdi

Elwan telewideniýe kanallaryň birinde Türkiýäniň gün tertibi bilen baglanşykly berilen soraglara jogap berdi

428639
Lütfi Elwan operasiýalar barada beýanat berdi

Wise-premýer Lütfi Elwan: “Silopi terror guramasynyň zulmundan halas boldy. Jizredäki we Surdaky operasiýalar tamamlanyp barýar" diýdi.

Elwan telewideniýe kanallaryň birinde Türkiýäniň gün tertibi bilen baglanşykly berilen soraglara jogap berdi.

Lütfi Elwan Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň Mardinde beýan eden meýilnama bilen baglanşykly şol meýilnamanyň ähli zerurlyklary öz içine aljakdygyny belledi.

Halklaryň Demokratik partiýasynyň sebitde uly mukdarda halkyň goldawyny ýitirmäge başlandygyny nygtan Elwan: “Sebäbi HDP millete wekilçilik edýän partiýa bolmagyň ýerine, PKK-nyň syýasy goly ýaly hereket etdi. Esasan hem soňky birnäçe ýylda berilen beýanatlara üns berseňiz aýralykçy terror guramasynyň agzasy ýaly pozisiýa eýeledi" diýip belledi.



Degişli Habarlar