Erdogan ABŞ-nyň PÝD pozisiýasyny tankyt etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň PÝD-ni goldamagy sebäpli: “Menmi seniň hyzmtdaşyň, ýogsa Kobanidäki terrorçylarmy?” sözleri bilen reaksiýa bildirdi

428481
Erdogan ABŞ-nyň PÝD pozisiýasyny tankyt etdi

Prezident Erdogan Çili, Peru, Ekwador we Senegaly öz içine alýan saparyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
ABŞ-nyň terror guramasy PÝD pozisiýasyny berk tankyt eden Prezident Erdogan: “Baýden kömekçisi bilen bardy. Ženewa wekilleriniň bolýan wagty PÝD gelip bilenok, şol sebäpli olar PÝD-niň ýanyna Kobana bardy. Kobaniden generalsumak birinden zat aldy. Biz indi nädip ynanaly? Menmi seniň hzymatdaşyň, ýogsa Kobanidäki terrorçylarmy” diýdi.

Türkiýäniň Prezident Erdogan: “Terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň ellerinde ruslaryň, ABŞ-nyň ýaraglary bar, Günbataryň ýaraglary bar. PÝD-niň ýagdaýy indi mälim. Bermäň, olara berýän ýaraglaryňyzyň bir bölegi DAEŞ-e gidýär. Indi iň döwrebap ýaraglar DAEŞ-iň elinde. Biz strategik taýdan hyzmtdaş ýurt, biz şol ýaraglaryň käbirini almakda kynçylyk çekýäris. Dost diýip ýörenlerimiz şular ýaly hereket edýär” diýdi.

Erdogan Russiýa barada hem durup geçdi. Siriýada ähli ýagdaýa garşy Türkiýäniň ähli zada taýarlyklydygyny bellän Prezident Erdogan Türkiýäniň Siriýa girjek baradaky habarlaryň ýalandygyny habar berdi. R.T. Erdogan: “Aslyna garanyňda Russiýadan soramaly: Seniň Siriýada näme işiň bar diýip. Türk esgerleri hiç haçan olar ýaly hereket etmedi. Türkiýe diňe çäre görýär. Şol sebäpli Russiýanyň olar ýaly zatlar barada gürlemäge haky ýok” diýdi.



Degişli Habarlar