Terrorçylar iki esgeri şehit etdi

Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabyndaky operasiýada terrorçylaryň ýaragly hüjümi nenijesinde iki esger şehit boldy, bir esger we iki polis agyr ýaralandy

426110
Terrorçylar iki esgeri şehit etdi
Düýn hem Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen PKK terrorçylarynyň arasynda bolan çaknyşykda 3 howpsyzlyk gullukçysy şehit bolupdy.
Düýn Jizre etrabynda terrorçylar tarapynda gazylan çukurlaryň gömülip, barrikadalar aýrylýarka guralan hüjümde 1 esger we 2 polis gullukçysy agyr ýaralandy.
Jizre döwlet hassahanasyna alynyp gidilen ýaralylar halas edilip bilinmedi.
Hüjümden soň bolan çaknyşykda 5 terrorçy ýaraglary bilen birlikde öli ýagdaýda ele salyndy.
Erzurym welaýatynyň Karaýazy etrabynda düýn terror guramasy PKK garşy operasiýa geçirildi.
Operasiýada bir adam terror guramasyna goşulandygy sebäpli saklandy.
Düşündirişiniň alynmagyndan soň kazyýete getirilen jogapçy, nobatçy kazyýet tarapyndan tussag edilip, tussaghana ugradyldy.

Etiketkalar: #Şehit , #esger , #polis , #Diýarbakyr

Degişli Habarlar