Türkiýäniň ilaty artdy

Türkiýäniň ilaty 2015-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 1 million 45 müň 149 adam köpelip, 78 million 741 müň 53 adama ýetdi

425456
Türkiýäniň ilaty artdy
Türkiýäniň Hasabat guramasy “Salga esaslanylýan ilat bellige alyş ulgamynyň” 2015-nji ýyldaky netijelerini yglan etdi.
Şoňa laýyklykda 2014-nji ýylda 77 million 695 müň 904 adamdan ybarat bolan ýurduň ilaty 1 million 45 müň 149 adam köpelip, 2015-nji ýylyň ahyrynda 78 million 741 müň 53 adama barabar boldy.
Erkek ilatyň mukdary 50,2 göterim bilen 39 million 511 müň 191 adam, aýallaryň sany bolsa 49,8 göterim bilen 39 million 229 müň 862 adama barabar boldy.
Ýyllyk ilat artyşy bolsa 2014-nji ýylda müňden 13,3 göterim, 2015-nji ýylda bolsa müňden 13,4 göterime ýetdi.


Degişli Habarlar