“Konstitutsiýa milli häsýete eýe bolmaly”

Prezident R.T.Erdogan konstitutsiýanyň täze tekstiniň milli häsýete eýe bolmalydygyny aýtdy

425454
“Konstitutsiýa milli häsýete eýe bolmaly”
Erdogan Ankaranyň Söwda birleşmesinde Türkiýäniň Konstitutsiýa platformasy tarapyndan geçirilen “Konstitutsiýanyň täze teksti üçin jebislik” temaly çärä gatnaşdy.
Erdogan çärede sözlän sözünde “Konstitutsiýanyň täze teksti üçin jebislik” çagyryşyna häzirki wagta çenli 300-e golaý jemgyýetçilik guramasynyň goldaw berendigini, bu sanyň gysga möhletde hasam artjakdygyny aýtdy. Konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagyna berilýän goldawyň umumy ýurt boýunça halkyň jebisligi üçin berilen çagyryşdygyna ynanýandygyny nygtan Erdogan “Konstitutsiýanyň täze teksti haýsydyr bir edaranyň ýa-da şahsyň däl, gönüden göni milledimiziň meselesidir” diýdi.
Erdogan: “Bu mesele millidir, ýerlidir. Milli we ýerli bolan meselede Prezident hökmünde menem bar, muny aç-açan aýdýaryn. Şu günki güne çenli taýarlanan konstitutsiýalaryň ählisi daşardan alynan, ýerli däl. Daşardan alynan önümler bilen dolandyryldyk, daşardan alynan düşünjeler bize höküm etdi. İndi biz ýerlä we millä dolanyp barmaly” diýdi.


Degişli Habarlar