Premýer ministr Dawutogly Brýussele gitdi

Ahmet Dawutogly Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň Mosul şäheriniň etraplarynda çäre görmek boýunça doly ygtyýara eýedigini aýtdy

412073
Premýer ministr Dawutogly Brýussele gitdi

Premýer ministr Dawutogly Brýussele gitmezinden ozal geçiren metbugat ýygnagynda terror guramasy DAEŞ-iň Mosula guran hüjümi barada maglumat berip, aladalandyryjy ýagdaýyň bolmandygyny nygtady.
Dawutogly: “Baş ştabyň başlygy wakadan soň telefon etdi, mesele barada pikir alyşdyk. Elbetde, elmydama bolşy ýaly degişli gaýtawul görkezildi, DAEŞ-iň golaýdaky ýerleri hatardan çykaryldy. Bu waka biziň birnäçe gün mundan ozal şol etraplarda çäre görmek üçin eden tagallamyzyň nädereje ýerliklidigini görkezýär. Bu barasynda dost we dogan Yragyň hökümeti bilen ara alyp maslahatlaşarys. Baş ilçimiz gerek bolan maglumatlary berer” diýdi.
“Yrakdaky türk harby güýjüniň dolulygyna Yragyn territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna laýyklykda, terrorçylyga garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde iş alyp barýandygyny nygtan Dawutogly: “Yragyň legal güýçleri we howpsyzlyk gulluklary şol etraplarda häkimiýeti ellerine alýançalar Türkiýä howp abanýan etraplarda biz degişli çäreleri göreris. Harby çäreleriň görülmegi hökmany. Eger ýaragly güýçlerimiz şol etraplarda çäre görülmeli bolsa, doly ygtyýara eýe” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar