ABŞ-nyň Goranmak ministri Karter Türkiýä geldi…

Eşton Karteriň Adana sapary barasynda resmi maglumat berilmedi. Karteriň birnäçe sagadyň dowamynda Türkiýeden gitmegine garaşylýar

409738
ABŞ-nyň Goranmak ministri Karter Türkiýä geldi…

Kartere saparynyň dowamynda Amerikan mediasyndan žurnalistler topary ýoldaşlyk edýär.
Geçen hepde ABŞ-nyň Goranmak ministriniň DAEŞ-e garşy netijeli göreşmek maksady bilen dünýäniň dürli sebitlerindäki harby bazalaryny biri-biri bilen utgaşykly anti-terror bazalary hökmünde peýdalanmak üçin taýarlyk görýändigi mälim edilipdi.
Goranmak ministri Karter DAEŞ-iň Günorta-gündogar Aziýada uly howpa öwrülendigine ünsi çekip “Amerikan anti-terror torlaryny biri-birine utgaşdyrmak we şeýlelikde terrorçylyga garşy netijeli göreşmek baradaky pikiriň aňyrsyndaky hakykaty göreliň” diýipdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem düýn Pentagona guran iş saparynda Goranmak ministrliginiň we Milli howpsyzlyk gullugynyň agzalary bilen DAEŞ-e garşy göreş barada pikir alyşyp, duşuşykdan soň beren beýanatynda Goranmak ministri Eşton Karterden Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar guramagyny we DAEŞ-e garşy hyzmatdaşlygyň agzalaryndan alynyp barylýan göreşe berýän goldawyny artdyrmaklary baradaky islegini ýetirmegi tabşyrandygyny aýdypdy.
Terror guramasy DAEŞ-e garşy operasiýalarda hyzmatdaş güýçleriň ulanmagyna berilen İnjirlik bazasynda Karterden ozal dört taraplaýyn maslahat geçirildi.
DAEŞ-iň Siriýadaky we Yrakdaky ýerlerine guralýan operasiýalarda hyzmatdaş güýçleriniň merkezine öwrülen İnjirlik harby howa bazasynda “Uçuş we ýer howpsyzly maslahaty” geçirildi.
Maslahata Türkiýäniň, ABŞ-nyň, İspaniýanyň we Kataryň Howa güýçlerinin ýokary derejeli harby ýolbaşçylar y gatnaşdylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar