"Türk halky hiç kime dönüklik etmez"

“Russiýa ot bilen oýnamagy maslahat bermeýäris”

356029
 "Türk halky hiç kime dönüklik etmez"


Prezident R. T. Erdogan Siriýada terror guramasy DAEŞ-i baha edip sowatly oppozisionerleri bombalaýanlaryň ot bilen oýnaýandygyny nygtady we “Russiýa ot bilen oýnamagy maslahat bermeýäris” diýdi.
Iş sapary bilen Baýburta giden Prezident Erdogan Russiýa bilen başdan geçirilýän “uçar dartgynlygy” barada durup geçdi.
“Türkiýe rus harby uçaryny bilkastlaýyn urup düşürmedi. Bu waka serhedi bozandygy sebäpli görkezilen garşylykdan ybaratdyr”diýen Erdogan “Türkiýäniň mamlalygy bütindünýä tarapyndan kabul edilen hadysany bahana edip, bize töhmet atýan, sergä gatnaşmak üçin Russiýa giden raýatlarymyza ezýet etmek, elbetde ot bilen oýnamakdyr. Sebitiň halkyna ynsanper kömegini alyp giden konteýnerlerimizi bombalamak elbetde ot bilen oýnamakdyr. Russiýa ot bilen oýnamazlygyny maslahat berýäris” diýip belledi.
Prezident Erdogan “Siz Siriýanyň hökümetine goldaw bermek üçin Siriýa bardyňyz. Siriýada 380 müň adamy öldüren ganhor Asad bar. Oňa ähli taraplaýyn goldaw berýärsiňiz. Döwlet terroryny edýän adama şeýle goldaw berilmegi eýsem legalmydyr” diýdi.
“Türkiýe DAEŞ bilen göreşýän esasy ýurt”diýen Prezident Erdogan “Biz terror guramasyndan nebit alar ýaly beýle edipsiz däldiris”diýip belledi.
“Putin dönüklik edendigimizi aýdýar. Bu halk hiç kime dönüklük etmedi”diýen Prezident Erdogan, käbir töwerekleriň Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmagyndan hoşal boljakdigini belledi we “Emma bu diňe iki ýurda zeper ýetirer. Wakanyň gatnaşyklarymyzy bozmagyna rugsat bermäliň” diýip ýüzlendi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar