Akdogan "Milli jebislik we doganlyk" etabyndan ýüz öwürmeris

Akdogan ün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

363817
Akdogan "Milli jebislik we doganlyk" etabyndan ýüz öwürmeris

Wise-premýer Ýalçyn Akdogan terrorçylyga garşy göreşde esasy orun eýeleýän “milli jebislik we doganlyk” etabyndan ýüz öwürmändiklerini aýtdy.
Hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat beren Wise-premýer Akdogan hökümetiň milli jebislik we doganlyk etabyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Akdogan emma terror guramasy PKK-nyň etaby bökändigini belledi.
7-nji iýunda geçirlen saýlawdan soň guralan terrorçylykly hüjümleriň meseläni düýpgöter özgerdendigini aýdan Ýalçyn Akdogan “Çünki gurama, çözgüt bilen gyzyklanar ýaly wagtym ýok, men ýarag bilen maksadyna ýeterin” diýdi. Häzirki wagtda dowam edýän mesele hökümetiň näme etmek isleýändiginden zyýada guramanyň alyp barýan tutumy bilen bagly. Biziň ýagşy niýetimizden pyýanatçylykly peýdalanyldy. Terrorçylyga garşy göreş taýdan esasy orun eýeleýän “Milli jebislik we doganlyk” etaby bolsa tutanýerlilik bilen dowam etdirler we asla bu etapdan ýüz öwürmeris” diýip belledi.
Guramanyň maksadynyň puja çykarylmagynyň we howpsyzlygyň üpjün edilmeginiň ähmiýeti barada durup geçen Wise-premýer Ýalçyn Akdogan, sebitiň halkyna hyzmat etmäge we sebite maýa goýmaga dowam etjekdiklerini aýratyn belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar