Wise-premýer Akdogan TRT-de soraglara jogap berdi

Ýalçyn Akdogan haýsydyr bir partiýanyň 4 partiýaly mejlisde ýekelikde häkimiýet başyna geçmeginiň ýeňil bolmandygyny aýtdy

362721
Wise-premýer Akdogan TRT-de soraglara jogap berdi

Konstitutsiýanyň täze tekstini ýazmagyň ileri tutuljak meselelerden biri boljakdygyny nygtan Akdogan, prezidentlik ulgamynyň hem konstitutsiýanyň maddalaryndan biri boljakdygyny aýtdy.

Akdogan: “Enşalla hemmeleriň şundan degerli netije çykarmagyny umyt edýärin. Biz netije çykarmaga dowam edýäris. Özümizi başgalarynyň ýerine goýýarys, raýatlarymyza düşünmäge çalyşýarys. Ýagny bize “50 göterim ses aldyňyz, siz 50 göterime nähili düşünmäge çalyşýarsyňyz” diýýärler. Milleti bagryna basmak hökümetiň borjudyr, her bir raýata tapawut goýmazdan hyzmat bermek, her bir raýaty bagryna basmak, olara düşünmäge çalyşmak, bütin jemgyýetçilik psihikasyny dolandyrmak hökümetiň borjy” diýdi. 

Saýlawçylaryň ilkinji nobatda ynamy we durnuklylygy saýlap alandygyny aýdan Akdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Saýlawa 3 hepde galanda Ankarada partlan bomba, aslyna seredilende saýlawlara zeper ýetirmegi maksat edinýärdi. Ýagny saýlaw kampaniýasyna zarba urmagy nazarda tutýardy. Eýsem saýlawlary yza süýşürdip bilermikäk diýilýän maksatlary bardy. Şol sebäpli saýlawyň asuda, parahatçylykly şertlerde tamamlanmagynyň özem uly üstünlik. Bu taýda terrora reaksiýa hökmünde durmuşyň kadalaşmagy, syýasatyň güýçlenmegi möhümdi, şeýle-de boldy.”
Raýatlaryň döwlediň berkararlygyny görendigini nygtan Ýalçyn Akdogan: “Saýlawyň howpsyzlygy üçin döwlet degişli çäreleri gördi. Saýlawdan ozal howpsyzlyk meseleleri bardy. Görülen çäreleriň nähili ýerliklidigi görüldi. Ol hem uly üstünlik. Saýlaw howpsyzlygynda uly öňegidişlik edildi” diýdi.

Wise-premýer Akdogan başga bir teleýaýlymda beren beýanatynda bolsa konstitutsiýanyň täze tektstiniň ýazylmagy bilen bagly mesele barada durup geçdi.
Häzirki dolanşyk ulgamynyň Türkiýe üçin ýeterlik däkdigini nygtan Akdogan: “Prezidentlik ulgamy biziň başlangyç perspektiwamyz. Biz bulardan egilşik etmeris ve şol ugurda tagalla ederis” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar