Milli harby uçar kosepsiýasy taýarlandy

İki ýyldan bäri ilki üç konsepsiýasynyň üstünde işlän TAİ we Harby howa güýçleri has uzak aralyga uçmak we agyr ýaraglary göterip biljek iki hereketlendirijili uçaryň öndürilmegi barada netijä geldi

358615
Milli harby uçar kosepsiýasy taýarlandy

2013-2023-nji ýyllaryň aralygynda FX-1 uçarynyň dolandyryş ulgamy tamamlanar. Şol ýyllaryň aralygynda konsepsiýanyň kämilleşdirip işleri alynyp barylar we 2023-nji ýyla çenli bolsa tehnologik özboluşlyklaryň üstünde işlener. Uçaryň 2023-nji ýylda Türkiýede uçurylmagyna garaşylýar.
TAİ-niň taýarlan tapgyrlaýyn meýilnamasyna görä FX-1 iki ýylyň dowamynda synag uçuçlaryny tamamlar.
Uçaryň şol möhletde manýowr ukybyna we şol günki roketa, nyşana hem-de radar ulgamlaryna görä üpjünçiligi güýçlendiriler.
Uçaryň radar we ýarag nyşana ulgamlarynyň hem dolulygyna ýerli bolmagy meýilleşdirilýär.
Milli harby uçaryň synag tapgyryndan geçmeginden soň 2025-2035-nji ýyllaryň aralygynda önümçilik etabyna geçilmegi meýilleşdirilýär.
On ýyllyk möhlet TAİ-niň meýilnamalarynda önümçilik we inwentara giriş hökmünde göz öňünde tutuldy. Önümçiligine başlanan uçaryň soňky ýyllarda 30 ýyllyk tapgyrda operasiýa we goldaw taýdan güýçlendirilmegine garaşylýar.
Türkiýäniň geljekki 10 ýyldaky esasy awiasiýa taslamasy “Milli harby uçar” bolar. Şol uçaryň Harby howa güýçlerinde 1988-nji ýyldan bäri ulanylýan F-16 tipli uçarlaryň ýerine ulanylmagy meýilleşdirilýär.
Radara gönünmeýän özboluşlyga eýe bolan uçaryň grafikasynda şol sebäpli ýaraglaryň uçaryň göwresiniň içinde ornaşdyrylmagy saýlanyp alyndy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar