Türkiýäniň Siriýa meselesinde maksatlary we ýörelgeleri belli

Tanžu Bilgiç Wenada Siriýa meselesine garalan 4 taraply maslahat barada ýazmaça beýanat berdi

398368
Türkiýäniň Siriýa meselesinde maksatlary we ýörelgeleri belli

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Wenada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda Siriýada parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy we Ženewa jarnamasynda göz öňünde tutulan geçiş etaby meselesiniň seljerlendigini aýtdy.
Tanžu Bilgiç 23-nji oktýabrda Wenada Siriýa meselesine garalan 4 taraply maslahat barada ýazmaça beýanat berdi.
Bilgiç Türkiýäniň Siriýa meselesinde maksatlarynyň we ýörelgeleriniň bellidigini aýtdy.
Bilgiç Wenada geçirlen maslahatda Türkiýäniň şol ýörelgelerine we maksadyna laýyklykda Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmegi üçin durmuşa geçiriljek işler we Ženewa jarnamasynda göz öňünde tutulan geçiş etabynyň nähili ýagdaýda başladyljakdygy meselesine garalandygyny nygtady.
Tanžu Bilgiç maslahatda şeýle hem Siriýaly oppozisionerler we degişli beýleki taraplar bilen meseläniň ara alnyp maslahatlaşylylandygyny we geljek hepde täze maslahatyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar