Türkiýäniň uçarlary Yragyň demirgazygynda operasiýa gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Demizrgazyk Yrakda howa operasiýasyny gurandygyny we Siriýa tarapyndan türk uçarlarynyň bimaza edilendigini mälim etdi

399654
Türkiýäniň uçarlary Yragyň demirgazygynda operasiýa gurady

Yragyň demirgazygyndaky Metina we Zap sebitlerinde guralan howa operasiýalarynda aýralykçy terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 3 gaçypatalgada 35, Diýarbakyryň Lije etrabynda bolsa 14 terrorçy öldürildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň internet saýtyndan berilen beýanatda: “Yragyň demirgazygyndaky Metina we Zap sebitlerinde aýralykçy terror guramasynyň agzalary tarapyndan ulanylandygy anyklanan 3 gaçypatalga howa operasiýasy bilen ýok edildi” diýilýär.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri şeýle hem Türkiýaniň uçarlarynyň Siriýa tarapyndan bimaza edilendigini beýan etdi: “12 sany F-16 uçary bilen Türkiýe-Siriýa serhedi gözegçilik edildi. Gözegçilik edilýän wagty 3 sany F-16 uçarymyza Siriýada ýerleşýän SA roketa ulgamlary tarapyndan 2 minudyň dowamynda, Siriýa degişli 1 sany SU-22 we 1 sany SU-24 uçary tarapyndan bolsa 35 sekundyň dowamynda bolmak bilen jemi 2 minut 35 sekunt bimaza edildi”.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar