Akdogan: "Terror guramasy aldadýar"

Wise-premýer Ýalçyn Akdogan terror guramasynyň yglan etjekdigi öňe sürülen hüjümleriň bes edilmegi baradaky çagyryşynyň gözboýagçylyk bolandygyny aýtdy

Akdogan: "Terror guramasy aldadýar"

Wise-premýer Akdogan: “Bular gyssaga düşen badyna elmydama şeýdýärler. Häzirki wagtda bularyň hiç hili gymmaty ýok, ynandyryjylygy ýok. Döwlet bu operasiýalary dowam etdirer, netije alýança dowam eder” diýdi.
Ýalçyn Akdogan hususy teleýaýlymlardan birinde beren beýanatynda terrorçylyga garşy göreşiň üznüksiz dowam etjekdigini aýtdy.
Wise-premýer Akdogan: “Ýaş-gyş tapawudy ýok. Terrorçylykly aksiýalar dowam eden halatynda, elinde ýarag bolan adamlar bize zulum etmäge dowam eden halaytnda, hukuksyzlyk dowam eden halkatynda howpsyzlyk çäreleri we operasiýalar dowam eder. Bu demokratiýany goramak üçinem, milleti goramak üçinem şeýle, ýaşaýyş hukugyna goramak üçinem gerekdir, şeýle hem dowam eder” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar