Erdogan serhet bozmak bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan rus harby uçarlarynyň Türkiýäniň howa giňişligine girip, olaryň serhet bozmalaryny kabul etmegiň Türkiýä gelişmejekdigini nygtady

350481
Erdogan serhet bozmak bilen baglanşykly beýanat berdi

Resmi sapar bilen Belgiýa giden Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ol ýerde ýurduň Premýer ministr Çarles Mişel bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat işgärleriniň ýygnagynda çykyş eden Erdogan: “Russiýa bilen dostlugymyz uludyr. Emma Russiýa Türkiýe ýaly dostuny ýitirse örän köp zat ýitirer” diýdi.

Russiýanyň hüjümleriniň şol bir wagtda NATO-nyň howa giňişligine guralan hüjümi aňladýandygyny nygtan Erdogan bu bolýan wakalara sabyr etmegiň mümkin däldigini belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar