Rus harby uçary Türkiýäniň howa giňişligini bozdy

Iki sany tük F16 uçarynyň beren duýduryşy sebäpli rus uçary Türkiýäniň howa giňişligini terk etdi

387674
Rus harby uçary Türkiýäniň howa giňişligini bozdy

Türkiýe Russiýa degişli harby uçaryň 3-nji oktýabrda şenbe güni Hataý welaýatynyň Ýaýladagy etrabynyň günortasynda Türkiýäniň howa giňişligini bozandygyny habar berdi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda sebitde gözegçilik uçuşyny amala aşyrýan iki sany tük F16 uçarynyň beren duýduryşy sebäpli rus uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligini terk edip Siriýa geçendigi nygtaldy.
Beýanatda Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly baş ilçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrlandygy we waka berk garşylyk görkezilendigi bellenildi.
Şuňe meňzeş wakanyň indi gaýtalanmazlygynyň talap edilendigi nygtalan beýanatda, howa giňişligi ýaňadandan basgylanan halatynda başdan geçirlip bilinjek wakadan Russiýanyň jogapkär boljakdygy ýatladyldy.
Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Feridun Sinirlioglynyň waka sebäpli şol gün Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa telefon edip meselä garşylyk görkezendigi bellenildi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Britaniýanyň, Fransiýanyň we İtaliýanyň Daşary işler ministrleri bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlikler geçiren Feridun Sinirliogly, mesele barada NATO-nyň Baş sekretary we Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen hem pikir alyşar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar