Terror guramasy PKK-nyň dargamagy dowam edýär

Türkiýäniň Şyrnak welaýatynda terror guramasy PKK-dan gaçan 7 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Terror guramasy PKK-nyň dargamagy dowam edýär

Şyrnak welaýatynda 2013-nji ýylyň 21-nji martyndan bäri terror guramasy PKK-dan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egen adamlaryň sany 930 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Kars welaýatynda ýol gözegçiligini ýerine ýetirýän howpsyzlyk güýçlerine garşy hüjüm guran 1 terrorçy öldürildi, 3 terrorçy bolsa ýaraly ýagdaýda tussag edildi.

Hakkari welaýatynda hem bombaly ulag bilen hüjüm guramak isleýän PKK-ly 2 terrorçy münün bombaly ulagyna ot açylyp öldürildi.

Ulagda takmynan 2 tonna partlaýjy madda bardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar