Erdogan Russiýa resmi sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan çarşenbe güni Russiýa resmi sapar gurar

352135
Erdogan Russiýa resmi sapar gurar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjak Erdogan Moskwada gurluşygy tamamlanan Merkezi metjidiniň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.
Prezident Erdoganyň Russiýanyň lideri Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Siriýa meselesi we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.
Beýleki tarapdan Moskwadaky metjidiň açylyşy bilen baglanşykly käbir habarlaryň dogry däldigi nygtaldy.
Metjidiň açylyş dabarasyna rus lider gatnaşmaz.
Mundan başgada Preziden Erdoganyň Moskwa gurajak saparynyň çäginde Palestinanyň Döwlet ýolbaşçysy Mahmut Abbas bilen hem duşuşyk geçirmegine garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar