Feridun Sinirliogly ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na guraýar

Sinirliogly resmi gepleşiklerine şu gün başlaýar

375325
Feridun Sinirliogly ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na guraýar

Wagtlaýyn hökümetiň Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Feridun Sinirliogly ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na gurar.
Düýn agşam DKTR-na giden Sinirliogly resmi gepleşiklerine şu gün başlaýar.
Daşary işler ministri Sinirliogly saparynyň çäginde Kipr türk halkynyň garaşsyzlyk göreşiniň öňbaşçylaryndan doktor Fazyl Küjügiň we DKTR-nyň esaslandyryjy Prezident Rauf Denktaşyň gubyryna baryp görer.
Saparynyň çäginde Kipr türk parahatçylyk güýçleri serkerdeligine hem barjak Sinirliogly, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy tarapyndan kabul ediler.
Özara we toparara gepleşiklerden soň Mustafa Akynjy bilen Feridun Sinirliogly metbugata beýanat berer.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar