Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy

Ýurduň duşman basyp alyjylygyndan halas edilmeginiň 93-nji ýyly

Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş baýramy

Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli Türkiýede, DKTR-da we daşary ýurtdaky wekilhanalarda dabaralar geçiriler.

Prezident Erdogan we Premýer ministr Ahmet Dawutogly 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözlerini çap etdiler.

Gutlag sözlerinde bütewilige we jebislige üns çekildi. Terrorçylyga garşy göreşiň dowam etdiriljekdigi nygtaldy.

Prezident R.T.Erdogan: “Müň ýyl bäri bu topraklarda duşmanlary ýeňen, ençemeleri ýok eden eziz milletimiz elbetde hem terror guramanyň hem-de onuň diýeni bilen bolýan paralel ulgamyň hötdesinden geler” diýdi.

Ahmet Dawutogly: “Türkiýäniň ähli künjeginde asudalygyň we parahatçylygyň bolmagy üçin göreşimizi bar gaýratymyz bilen dowam etdirýäris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar