Erdoganyň Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözünde jebislige ünsi çekdi

Erdoganyň Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözi

Prezident Erdogan: “Bir millet, bir baýdak, bir Watan, bir Döwlet ýörelgesine görä jebisleşen milletimiz nesip bolsa şu günler başyndan geçirýän howplary hem ýeňip geçer” diýdi.

Soňky wagtlarda terrorçylykly wakalaryň artandygyny bellän Erdogan: “Bu gurşawdan güýç alyp ýaňadandan herekete başlan terror guramasynyň agzalarynyň guraýan hüjümlerinde şehit bolýan howpsyzlyk güýçlerine ýüregimiz daglanýar” diýidi.

Prezident terror guramasy bilen bilelikde hereket edýän paralel döwlet ulgamynyň Türkiýäniň we milletiň geljegine howp salýandygyny nygtady.

Prezident R.T.Erdogan: “Müň ýyl bäri bu topraklarda duşmanlary ýeňen, ençemelerini ýok eden eziz milletimiz elbetde hem terror guramanyň hem-de onuň diýeni bilen bolýan paralel ulgamyň hötdesinden geler” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar