Dawutoglynyň Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözüni çap etdi

Dawutoglynyň Ýeňiş baýramy mynasybetli gutlag sözi

Premýer ministr Dawutogly gutlag sözünde: “Ýurdumyzyň bütewiligine zeper ýetirmek isleýänlere garşy göreşimiz dowam eder” diýip belleýär.

Şu günler hem göreşiň dowam etdirilýändigini nygtan Dawutogly: “Türkiýäniň ähli künjeginde asudalygyň we parahatçylygyň bolmagy üçin göreşimizi bar gaýratymyz bilen dowam etdirýäris” diýdi.

Ahmet Dawutogly: “Hemmeler şuňa göz ýetirsin, ýurdumyzyň bütewiligine we jebisligine zeper ýetirmek isleýänlere döwletimiziň kuwwaty we gudraty böwet bolar.Türkiýäni hapa hasaplary bilen, terrorçylykly hüjümleri bilen güýçden gaçyrmak isleýänler hökmany ýagdaýda kül-peýkun bolar” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar