Türkiýede ýene-de 1 esger şehit boldy

Türkiýäniň Kars we Ygdyr welaýatlarynda terrorçylar tarapyndan guralan hüjümlerde 1 esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy

329410
Türkiýede ýene-de 1 esger şehit boldy

Karsda terrorçylar tarapyndan ýola goýulan minanyň partlamagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 1 esger ýaralandy.
Ygdyrda bolsa terrorçylaryň guran hüjüminde 2 esger ýaralandy.
Hyýanatçylykly hüjüm Kars welaýatynyň Kagyzman bilen Digor etraplarynyň arasyndaky Botankale diýilen ýerinde guraldy.
Terrorçylaryň ýola goýan minanyň partlamagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 1 esger ýaralandy.
Ýaralanan esger tiz kömek ulagy bilen Kars Harakani döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.
Howpsyzlyk güýçleri terrorçylary tussag etmek üçin dik uçaryň goldawy bermeginde operasiýa başlatdy.
Ygdyr welaýatyndaky Korhan Žandarma güýçlerine terrorçylar tarapyndan hüjüm guraldy.
Hüjümde ýeňil ýaralanan 2 esger Ygdyryň döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar