ABŞ bilen Türkiýe DAEŞ-e garşy göreşde hyzmatdaşlyk edýär

F-16 harby uçarlary Injirlik howa bazasyndan howa hüjümlerini gurar

322267
ABŞ bilen Türkiýe DAEŞ-e garşy göreşde hyzmatdaşlyk edýär

ABŞ bilen Türkiýe terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jeýms Byryndil DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde Injirlikden bazasyndan uçjak harby uçarlaryň operasiýa goldaw bermäge başlajakdygyny aýtdy.
Türkiýäniň terror guramasy DAEŞ-e garşy guralýan howa hüjümlerine goldaw berýändigini ýatladan Byryndil, şol çäkde Amerikanyň Howa güýçlerine degişli F-16 harby uçarlarynyň Injirlik howa bazasyndan howa hüjümlerini guramaga başlajakdygyny belledi.
Howa hüjümleriniň Türkiýäniň Baş ştaby bilen utgaşykly ýagdaýda alnyp baryljakdygyny aýdan Byryndil zerur halatynda howa hüjümlerinde goşmaça güýjüň hem goldaw berjekdigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar